oýlamak

oýlamak
işlik
[o:ýlamak]
1) Bar ünsüňi gönükdirmek, bir zat barada pikir etmek, pirirlenmek.
∙ Adamlar! siz oýlap görüň: patyşadan işçi razymy? --Ýok! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Hawa, başlyk, ýaňy maňa: --bir ýana gezmäge gideli! -- diýdi weli, şoňa gitsemmikäm-gitmesemmikäm diýip oýlap durmuş. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Şu beýik maşgalada özüniň nähili derejede orun tutandygyny oýlar. (A. Gowşudow, Eserler)
2) Çak etmek, paýhas etmek, çaklamak.
∙ Myrat öz ýanyndan: --indi bir çen boldy! -- diýip oýlan bolsa gerek. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
oýlap taplamakDöredijilikli işläp, täze bir zat döretmek, täze bir oýlap çykarmak.
∙ Täze eranyň II asyrynyň başynda Hytaýda kagyz oýlap tapypdyrlar. (Gadymly Dünýä Taryhy)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужна курсовая?

Смотреть что такое "oýlamak" в других словарях:

  • oylamak — i Oya koymak veya oya sunmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»